Gyrgyz halkynyň medeni mirasy hasaplanýan «Manas» eposy iňlis diline terjime edildi. Onda dramaturg Mara Baýjiýewanyň nusgasy esas edilip alyndy. Bu barada mir24 habar berýär.
Iňlis dili mugallymy Akylaý Baýmatowa eposy terjime etmegiň üstünde 5 ýyllap işläpdir. Ol bu halk döredijiligi eseriniň ähli nusgalaryny içgin öwrenip, onuň sazlaşyklylygy saklanyp galan görnüşini terjime etmek üçin saýlap alypdyr. Iňlis dilindäki 400 sahypadan gowrak trilogiýa elektron nusgada elýeterli bolup, ony kitap görnüşde neşir etmek hem meýilleşdirilýär.
Ýeri gelende bellesek, «Manas» dünýä edebi mirasynyň taryhynda iň uly eposdyr. Üç jiltlik eserde setirleriň sany 500 müňden hem geçýär. «Manas» eýýäm rus, hytaý, nemes, fransuz, ýapon dillerine terjime edilendir.