Oktýabrda Aşgabatda däp bolan halkara nebit we gaz forumy geçiriler

  • 12.08.2022 12:05
  • 5.4k+

26-27-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahat geçiriler. “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guralýan her ýylky däp bolan maslahatda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy guramaçylar hökmünde çykyş der. Bu barada çäräniň ogt-turkmenistan.com resmi saýtynda habar ýaýradyldy.

Bu abraýly işewürlik forumynyň geçirilmeginiň maksady Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekden we berkitmekden ybaratdyr. Maslahatyň çäklerinde milli nebit kompaniýalarynyň, ugurdaş halkara düzümleriň, iri guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda tanyşdyrylyşlar hem-de iş mejlisleri geçiriler.
Halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler sebäpli, çäreler hem adaty hem onlaýn görnüşde guralar. Bu usul maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçy düzümi bilen geçiriljek duşuşyklarda-da ulanylar.


düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......