Ýewropada gurakçylyk rekord derejä ýetýär

  • 12.08.2022 12:12
  • 20k+

Synçylar Ýewropa üçin awgustdaky gurakçylygyň täsiriniň, iýuldaka garanyňda, has agyr boljakdygyny çaklaýarlar. Bu barada alymlaryň Ýewropa Komissiýasynyň sargydy bilen taýýarlan hasabatynda aýdylýar. Ony euronews.com ýetirýär.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, ol ýa-da beýleki ýagdaýlarda gurakçylyk tutuş yklymy diýen ýaly gurşap alar. Ýöne Fransiýanyň günortasynda, Ispaniýanyň we Portugaliýanyň belli bir çäklerinde has howply ýagdaý emele geldi. Ýewropanyň ähli derýalarynda suwuň derejesi hem adatdan daşary ýagdaýda pes bolmagynda galýar.
Şu tomsuň dowamynda Fransiýany gyzgynlygyň eýýäm dördünji tolkuny gaplap aldy. Ýurduň Hökümeti howanyň ýokary temperaturasy we ýagynyň ýeterlik däldigi sebäpli, ýurtda meteorologik barlaglaryň taryhynda iň güýçli gurakçylygyň hasaba alynýandygyny belleýär. Oba hojalyk ekinleri, şol sanda lawanda hem-de günebakar gyzgynlykdan has köp ejir çekýär.
Şu günlerde Britan adalarynda hem adatdan daşary gyzgyn howanyň bolmagyna garaşylýar. Günorta we Merkezi Angliýada howanyň derejesi kölegede +35 gradusdan geçer. Şoňa görä-de, ýurtda agyz suwuny tygşytlamak üçin baglary we ekinleri şlanga arkaly suwarmaga wagtlaýyn gadagançylyk girizildi. 


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......