iPhone 14 rekord derejede çalt zarýad alar

  • 08.08.2022 20:36
  • 35k+

Apple smartfonlarynyň täze hatary bolan iPhone 14 ilkinji gezek 30 watt kuwwatlykly çalt zarýadlanma eýe bolar. Bu barada Jioriku lakamy bilen tanalýan insaýder Twitter akkaundynda aýtdy diýip, iz.ru habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, täze smartfon has çalt zarýad alar. Şol bir wagtyň özünde, ýokary zarýad beriş tizligini gazanmak üçin ýörite adapter edinmeli bolar. Kuwwatlylygyň awtomatiki usulda düzgünleşdirilmegine garaşylýar. Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda iň gymmat Apple smartfony bolan «iPhone 13 Pro Max» ýarym sagadyň dowamynda 50% zarýad alyp bilýär. Öňki smartfon modelleri 20 watta çenli zarýad berip bilerdi. 26-njy iýulda bilermen-synçy Ming-Chi Kuo geljekki iPhone 14 smartfonlary ulanylanda kamera bölüminiň käbir linzalarynda problemalaryň ýüze çykjakdygyny mälim etdi. Bu iPhone modeliniň, kompaniýanyň yglan edilen hil standartyndan pes bolmagy sebäpli, enjam üpjünçiliginiň gijikdirilmezligi üçin şu ýylyň güýzüne çenli 10 million smartfonyň sargytlaryny gaýtadan paýlamalydygyny düşündirdi. Şeýle-de Taýwanyň iri “Largan” kompaniýasy kamera linzalaryny iň köp öndüriji bolandygyny hem ýatlatdy.


09.06.2026 23:04
2.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....