Samsung Wýetnamda ýarym geçirijileriň önümçiligini ýola goýar

  • 08.08.2022 19:09
  • 9.6k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy 2023-nji ýylyň tomsunda Wýetnamda ýarym geçirijileriň önümçiligini işe girizer. Bu barada Wýetnam hökümetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “Nikkei Asia” ýazýar. Muny regnum.ru ýetirýär. 

Kompaniýa Wýetnamyň demirgazyk welaýaty Thaýnguende integral mikroshemalar üçin aşagyna goýulýan materiallary öndürjek Samsung Electro-Mechanics Vietnam zawodyny gurýar. Häzirki wagtda kärhana synag önümçiligi tapgyryndadyr. Tapgyrlaýyn önümçilige başlamak 2023-nji ýylyň iýul aýyna meýilleşdirilýär. 
Wýetnamda eýýäm Samsung-yň birnäçe kärhanasy, şol sanda durmuş elektronikasyny we smartfonlary ýygnamak boýunça meýdançalar işleýär. Täze kärhananyň işe girizilmegi Samsung-yň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmaga tarap ýene bir ädimi bolar. 
2022-nji ýylyň başynda kompaniýanyň Wýetnamda ýarym geçiriji gurluşlaryň önümçiligine 2 mlrd dollardan gowrak maýa goýýandygy habar berildi. Mikroshemalar üçin aşagyna goýulýan materiallardan başga-da, täze meýdançalarda mobil gurluşlar üçin bölekler, şol sanda wideokamera modullary we linzalar öndüriler.


09.05.2026 16:36
3.8k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

07.05.2026 20:52
2.8k+

Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli......

06.05.2026 19:44
4.5k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

23.04.2026 03:54
2.5k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......