8-nji awgustda Xiaomi Notebook Pro 14 Ryzen Edition satylyp başlanar

  • 08.08.2022 17:28
  • 4.7k+

Xiaomi kompaniýasynyň täze Notebook Pro 14 Ryzen Edition noutbugy 8-nji awgustda satuwda peýda bolar. Bu baradaky habar GizmoChina neşiriniň saýtynda çap edildi.

Gürrüňi edilýän modeliň dizaýny Intel prosessorynyň wersiýasyna meňzeş bolar. Ryzen Edition-yň adaty Notebook Pro-dan ýekeje tapawudy, ol hem Intel Core i5-iň deregine AMD Ryzen 6000H prosessory bolar, şeýle-de, Thunderbolt 4 interfeýsiniň bolmagydyr. 
Şunlukda, Notebook Pro 14 Ryzen Edition-e 14-dýuýmlyk OLED-displeýi, LPDDR5 tipli 16 GB-lyk operatiw ýat, şonuň ýaly-da 512 GB göwrümli SSD-disk  hem goýlar diýip garaşylýar.
Häzirki wagtda mälim zat - ol hem AMD prosessorynyň binýadynda Xiaomi noutbugy ilki badalar diňe Hytaýda, 900$ töweregi bahadan satylar.  Notebook Pro 14 Ryzen Edition-yň global wersiýasynyň haçan çykjagy we onuň näçe bahalanjagy barada hiç zat aýdylmaýar.


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...