Dünýäde çip satuwy iýun aýynda 13,3% ýokarlandy

  • 07.08.2022 17:36
  • 3.8k+

Iýun aýynda ýarym geçirijileriň global satuwy 13,3% - geçen ýylyň degişli aýyndaky 44,85 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 50,82 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Bu barada Ýarym geçiriji senagat assosiasiýasynyň (Semiconductor Industry Association, SIA) metbugat relizinde habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.

Şol bir wagtyň özünde ol maý aýy bilen deňeşdirilende 1,9% azaldy.
Ikinji çärýegiň jemi boýunça satuw 152,5 mlrd dollar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 14,2% ýokarydyr we şu ýylyň ýanwar – mart aýlaryndaky mukdardan 0,5% köpdür.

“2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde ýarym geçirijileriň global satuwy gowy bolmak bilen, geçen ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende ähli esasy önüm kategoriýalary boýunça we ähli esasy sebit bazarlarynda ýokarlandy, – diýip, SIA-nyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Jon Nýufer belleýär. – Şeýle-de bolsa, soňky aýlarda bazaryň ösüşi birneme haýallady”.

Iýun aýynda ýyllyk aňlatmasynda ösüş depgini 2021-nji ýylyň fewral aýyndan bäri ilkinji gezek 15%-den aşak düşdi diýip, ol belledi.
Iýun aýynda Demirgazyk we Günorta Amerikada mikroprosessorlaryň satuwy geçen ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende 29%, Ýewropada 12,4%, Ýaponiýada 16,1%, Hytaýda 4,7%, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki sebitlerde 11,9% ýokarlandy.
Maý aýyna garanyňda çip satuwy Demirgazyk we Günorta Amerikada 0,9%, Ýewropada 1,1%, Ýaponiýada 0,7%, HHR-de 2,8%, Aziýa-Ýuwaş umman we beýleki sebitlerde 2,3% azaldy.

düýn 21:59
1.1k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....