Warner Bros II çärýegi arassa ýitgi bilen tamamlady

  • 07.08.2022 17:40
  • 4.8k+

WarnerMedia-nyň (AT&T Inc.-yň mediabölümçesi) Discovery Inc. bilen birleşmegi netijesinde döredilen Warner Bros. Discovery amerikan mediakompaniýasy ikinji çärýekde arassa ýitgi aldy, girdeji bolsa garaşylandan has ýaramaz boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.  

Kompaniýanyň aprel – iýun aýlarynda arassa ýitgisi geçen ýylyň degişli döwründe hasaba alnan 672 mln dollar arassa girdeji ýa-da paý üçin $1,01 bilen deňeşdirilende, 3,418 mlrd dollar ýa-da paý üçin $1,5 boldy. Girdeji bir ýyl ozalky 3,062 mlrd dollara garşy 9,827 mlrd dollara çenli ýokarlandy.   
FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň 11,83 mlrd dollar girdejide paý üçin 12 sent möçberinde düşewünt gazanjakdygyny çaklapdylar. 
Warner Bros. Discovery striming serwisiniň abunaçylarynyň sany üç aý öňki 90,4 million bilen deňeşdirilende, 92,1 milliona ýetdi. 
Kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Dewid Zaslaw Warner Bros. Discovery-nyň platforma has köp müşderini çekmek üçin mahabatdan alnan serişdelere işlejek mugt akym serwisini işe girizmek mümkinçiligini öwrenýändigini aýtdy. 
Soňky üç aýda kompaniýanyň bazar bahasy 1,5% ($40,55 mlrd çenli) peseldi. Kompaniýanyň portfeli HBO, Warner Bros., Discovery, DC Comics, CNN, Cartoon Network, HGTV, Food Network, TNT, TBS, Eurosport, TLC, Animal Planet ýaly tutuş dünýäde 100-den gowrak tanalýan we meşhur brendleri birleşdirýär. 

düýn 21:59
1.1k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....