Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy

  • 07.08.2022 06:31
  • 22k+

Samsung Electronics kompaniýasy gymmat bolmadyk we uzak ulanyp bolýan smartfonlar hatarynyň üstüni ýetirýän Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy.

Bu smartfon ilkinji gezek martda görkezilen Galaxy A23 4G-iň, bäşinji nesliň 5G öýjükli toruny saklaýandygy we beýleki käbir zatlary bilen tapawutlanýan, täzelenen wersiýasydyr. SoC-iň takyk modelini öndüriji anyk aýtmaýar, Geekbench bençmarkyň maglumatlar bazasyndan alnan habara görä, Qualcomm Snapdragon 695-iň  gürrüňi edilýän bolmaly. 
Smartfona sygymy 5000 mA.s bolan akkumulýator, Full HD+ (1080 x 2408 piksel) razreşeniýeli 6,6 dýumlyk ŽK ekran, 8 Mp-lik selfi-kamera, esasy dördünji kamera (50 Mp, 8 Mp, 2 we 2Mp), 4-8 GB OZU we 64/128 GB fleş-ýat, barmak yzyny alýan skaner, Android 12 operasion ulgamyň esasynda One UI 4.1 şereket daşlygy, 5G goldawy, Wi-Fi (802.11 a/b/g/n/ac, 2,4 we 5 GGs), Bluetooth 5.1 goýlupdyr.
Resmi taýdan haçan satylyp başlanjakdygy we bahasynyň näçe boljagy barada heniz hiç zat aýdylmady.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...