Jokowiç sanjym almak islemeýändigi sebäpli Monrealdaky ýaryşa gatnaşyp bilmez

  • 06.08.2022 13:05
  • 9.2k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Monrealdaky turnirde çykyş etmez diýip, diýip AP habar berýär.

Sebäbi — türgen koronawirusa garşy sanjym almady. Hut şol sebäpden 35 ýaşly Jokowiç, megerem, US Open-iň Uly tuwulgasynyň turnirine hem gatnaşyp bilmese gerek. Öňräk, ýylyň başynda ol edil şol derejedäki Australian Open turnirini-de duşundan geçirdi. Türgen COVID-19-a garşy sanjym almakdan asla boýun gaçyrýar. 
Monrealdaky turnir 7-14-nji awgust aralygynda, US Open bolsa 29-njy awgustdan 11-nji sentýabr aralygynda geçer.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....