Serdar Berdimuhamedow gurluşykçylary, senagatçylary, energetikleri hünär baýramçylyklary bilen gutlady

  • 06.08.2022 09:44
  • 21k+

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň bilen ugurdaşlykda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow çärelere gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Gutlagda nygtalyşy ýaly, bu halkara sergide we ylmy maslahatda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleriniň dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň taslama-çenlik resminamalaryny düzmekde, olaryň gurluşygynyň gidişine gözegçilik etmekde tejribesi has-da artdyrylar.

"Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öndürýän senagat hem-de gurluşyk önümleriniň hiliniň ýokarlanmagyna, bäsdeşlige ukyply bolmagyna halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň barşynda toplanan oňyn tejribeler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde döredilýän täze önümçilikler uly ýardam edýär. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasyna üstünlikli başlamagy, ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda iň döwrebap tehnologiýalara esaslanýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi halkara hyzmatdaşlygyň berýän miweleriniň aýdyň subutnamasydyr. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi ýokary derejede tejribe alyşmaga we netijeli duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredir. Sergide Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ýeten sepgitlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezmäge doly mümkinçilik dörediler. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatda bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bu pudaklaryň ösüşi we maýa goýum ýagdaýy barada maglumatlary almaga mümkinçilik dörediler" diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow pudaklaryň işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen gutlady.


28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......