Hoakin Feniks bilen “Joker” filminiň dowamy 2024-nji ýylyň oktýabrynda çykar

  • 06.08.2022 09:38
  • 6.8k+

Baş keşpde amerikaly aktýor Hoakin Feniks bilen “Joker” filminiň dowamy “Joker: iki baş üçin akmaklyk” (Joker: Folie a Deux) ady bilen 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda ekrana çykar. Bu barada “The Hollywood Reporter” žurnaly habar berdi diýip, TASS belleýär. 

Onuň maglumatlaryna görä, filmdäki keşpleriň birini amerikaly aýdymçy Ledi Gaga ýerine ýetirip biler, ýöne häzirlikçe onuň haýsy gahrymanyň keşbini oýnajakdygy belli däl. Kartinanyň režissýory Todd Fillips bolar.
Deadline portalynyň maglumatlaryna görä, film dekabrda surata düşürilip başlanar.
“Joker” filmi 2019-njy ýylda ekrana çykdy we iki “Oskar” baýragyna mynasyp boldy: iň gowy saundtrek üçin (kompozitor Hildur Gadnaouttir) we iň gowy erkek keşbi üçin (Hoakin Feniks).

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....