Redmi dolulygyna OLED-ekrana geçýär

  • 05.08.2022 20:00
  • 22k+

Xiaomi Group-yň jemgyýet bilen aragatnaşyk boýunça menejeri Redmi Note 11T Pro kompaniýanyň ŽK (suwuk kristally) ekranly soňky telefony bolsa gerek diýip habar berýär.

Häzirki wagtda OLED-ekranlar ýuwaş-ýuwaşdan orta we ýokary klasyň modellerinde giňden ýaýramaga başlady. Redmi Note seriýasy hem OLED-ekrana geçýär. Köp sanly pudaklaýyn resurslar OLED-ekranyň hiline ýokary baha berýänem bolsa, käbir ulanyjylar ŽK-displeýi ileri tutýarlar.
Redmi kompaniýasy Redmi Note 11T Pro-da ýöriteläp sazlanan ŽK-ekran ulandy. Bu DisplayMate A+ sertifikatyny alan ilkinji ŽK-ekrandyr. Oňa owal-ahyr smartfonlar üçin döredilen iň gowy ŽK-ekran diýip baha berdiler.
Xiaomi-niň menejeriniň habaryna goýlan teswirlerde muşdaklaryň köpüsi kompaniýadan ŽK-ekranly iň bolmanda ýene bir modeli çykarmaklaryny haýyş edip ýazypdyrlar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...