Jozef Baýden Türkmenistana täze ilçi bellemekçi

  • 05.08.2022 08:10
  • 15k+

3-nji awgustda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistana täze ilçi bellemegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. Bu barada Ak Tamyň Metbugat gullugyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine diplomat Elizabet Rudy bellemek göz öňünde tutulýar. Ol häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bolup işleýär.
Ýeri gelende aýtsak, geňeşçi diplomatik derejesi bolan Elizabet Rud dürli ýyllarda ABŞ-nyň Goşunlaryna degişli harby kollejde fakultet maslahatçysy, ABŞ-nyň Gruziýadaky ilçisiniň orunbasary, işler wagtlaýyn ynanylan wekil wezipelerinde işledi. Ol ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi, ýurduň Döwlet Departamentinde birnäçe ýolbaşçy wezipelerde, Pakistanyň Peşawar şäherindäki baş konsullygynda esasy hünärmen, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Owganystanyň günorta-gündogar sebitlerini dikeltmek boýunça toparynyň wekili, Daglyk Garabag, Abhaziýa, Günorta Osetiýa we Prednestrowýe sebitlerindäki meselelerde ABŞ-dan gepleşiklere ýörite gatnaşyjynyň orunbasary bolup hem iş alyp bardy.
Sungat ugry boýunça bakalawr, Merilend uniwersitetinde magistrlik bilimini alan Elizabet Rud iňlis dilinden başga, fransuz, rus, nemes, puştu, dari we gruzin dillerinde hem gürleýär.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......