Samsung smartfonlaryny indi özbaşdak bejerip bolýar

  • 04.08.2022 12:17
  • 23k+

Samsung we iFixit Galaxy S20-niň, S21-niň we Tab S7 Plus-yň eýelerine öz smartfonlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga we özbaşdak bejermäge mümkinçilik berýän abatlaýyş maksatnamasyny işe girizdi.

Agzalan maksatnama boýunça abatlaýyş işleriniň görnüşleriniň çäklidigini bellemek gerek. Şol bir wagtda, Samsung welin gurluşlarynyň sanawyny we abatlaýyş işleriniň hilini geljekde giňeltmegi meýilleşdirýär.
Samsung-yň berýän maglumatlaryna görä, ulanyjylar ekrany, yzky aýnany we zarýadkanyň portuny çalyşmak üçin bölekleri we gurallary satyn alyp bilerler. Kompaniýanyň bahalar barada aýtmagyna görä, ulanyjylar ätiýaçlyk şaýlary üçin «abatlaýyş boýunça hyzmatlary hödürleýänleriň" töleýän puluny tölär diýip belleýär. Mysal üçin, S20-niň displeýini ýygnamak 199,99 dollara düşer.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.9k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...