Türkmenistanda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak işleri güýçlendirilýär

  • 30.07.2022 14:20
  • 7.1k+

Häzirki wagtda Türkmenistanda nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, birnäçe nebitgaz känlerinde ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak, zerur bolan gaz geçirijileri çekmek, şol sanda “Bagaja” gazy gaýtadan işleýän desgany doly kuwwatynda ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada 29-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, zerur bolan ýörite enjamlary hem-de serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berildi. Onuň jemleri boýunça has amatly täjirçilik teklibi kesgitlenildi hem-de degişli şertnama gol çekmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......