Türkmenistanda öndürilen A-98 awtoulag benzininiň ilkinji möçberleri dünýä bazarlarynda ýerlenildi

  • 30.07.2022 14:21
  • 26k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen,  EURO-5, EURO-6 ýaly ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýän A-98 kysymly awtoulag benzininiň ilkinji möçberleri dünýä bazarlarynda ýerlenildi.

Hökümetiň 29-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisindäki wise-premýer Ş.Abdrahmanowyň hasabatyndan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikler geçirilip, şonuň esasynda nebit önümleri BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň uly islegden peýdalanýandygyny nygtap, wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, baý tejribä hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4.1k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...