Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy

  • 27.07.2022 22:56
  • 3.6k+

Pulitser baýragynyň eýesi amerikaly Elizabet Straut we başga-da 12 sany ýazyjy edebiýat boýunça Buker baýragyna (Booker Prize) dalaşgärleriň uzyn sanawyna girizildi. Bu barada sişenbe güni baýragyň gaznasy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar. 

66 ýaşly Straut özüniň "Wah, Uilýam!" (Oh William!) romany bilen iňlis dilli edebiýatlaryň çäginde iň bir abraýly baýraklaryň birine dalaş edýär. 2009-njy ýylda  "Oliwiýa Kitterij" eseri oňa Pulitser baýragyny getirdi, 2014-nji ýylda bolsa eser ekranlaşdyrylypdy. Amerikaly zenan ikinji gezek Buker baýragynyň uzyn sanawyna goşuldy. 

Bu ýyl sanawa alty amerikaly girdi. Strautdan başga, oňa Ernan Dias (2017-nji ýylda "Aralykda" romany bilen Pulitser baýragynyň jemleýji tapgyryna çykan), Persiwal Ewerett, Karen Joý Fauler, Leýla Mottli we Selbi Winn Şwars goşuldy. Beýik Britaniýadan sanawa üç awtor girdi: Alan Garner, Grem Makreý Barnet we Meddi Mortimer, Kler Kigan hem-de Odri Magi Irlandiýa, Nowaýolet Bulawaýo - Zimbabwe, Şehan Karunatilaka - Şri-Lanka wekilçilik edýär. Bäsdeşleriň arasynda üç ýazyjy ilkinji gezek çykyş edýär. Olar - Mottli, Mortimer we Şwars. Ýene üçüsi - Bulawaýo, Fauler we Barnet - öň Bukeriň şort-listinde (gysga sanawynda) görnüpdiler. Kler Kiganyň 116 sahypalyk "Şular ýaly zatjagazlar" (Small Things Like These) diýen romany emin agzalarynyň owal-ahyr saýlan iň çaklaň kitaby boldy. 

şu gün 20:02
1.6k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

şu gün 19:11
1.6k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

şu gün 17:08
4.3k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

şu gün 14:59
3.9k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......