Maradonanyň butsusy janköýerleriniň ýüzlenmesi bilen kosmosa uçurylar

  • 26.07.2022 13:52
  • 13k+

Maradonynyň butsusy «Älem ýylany» hemrasynyň bortunda  janköýerleriň ýüzlenmeleri bilen bilelikde kosmosa ugradylar diýip, AFP agentligi ýazýar.

Bellenilişi ýaly, bu pikir hususy sport kompaniýasyna degişli. Ol futbol janköýerleriniň ýüzlenmelerini özbaşdak ýazga geçirdi. Ýüzlenmeler birnäçe aýyň dowamynda toplanar, soňra ähli faýllar kompilirlenip, hemranyň gaty diskine ýerleşdiriler.
Täsin ýeri, hemra goýlan at Maradonanyň hormatyna dakyldy. Ýaş wagty adybelli argentinalynyň "Älem ýylany" diýen lakamy bar eken.
Maradonanyň 2020-nji ýylyň noýabrynda 60 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeländigini ýatladýarys. Futbolçy ötüşen ýürek ýetmezçiligi sebäpli öýkeninde dörän ýiti çişden ýogaldy.


düýn 12:16
2.8k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

09.05.2026 20:03
6.3k+

Aşa yssy we futbol sebäpli Meksikada okuw ýyly 40 gün ir tamamlanar

Meksikada aşa yssy howa we 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilmegi sebäpli okuw ýyly adatdakysyndan 40 gün ir tamamlanar. Bu barada ýurduň Döwlet bilimi ministrligi habar berdi....

09.05.2026 13:54
4.7k+

adidas Timoti Şalame, Ýamal, Bellingem we Messi bilen gysga metražly film çykardy

adidas kompaniýasy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «Backyard Legends» atly gysga metražly filmini hödürledi....

20.04.2026 16:24
6.2k+

Argentinada magellan pingwinleri eko-detektiwlere öwrüldi

Alymlar Patagoniýadaky magellan pingwinleriniň aýaklaryna ýumşak silikon bilezikleri dakdylar, bu bolsa ummanyň senagat taýdan "hemişelik himiki maddalar" bilen hapalanmagy barada maglumat toplamaga......