Amazon Kaliforniýada robotaksi ulanyşa girizer

  • 23.07.2022 23:22
  • 14k+

Amazon internet-ägirdiniň düzümine girýän Zoox kompaniýasy Kaliforniýada (ABŞ) taksi hyzmatyny ulanyşa girizmäge rugsat sorap hat ýazdy. Reuters-iň takyklamagyna görä, ýolagçylara dolandyryjysy bolmadyk sürüjisiz ulaglar hyzmat eder. Zoox özüniň jemgyýetçilik ýollary üçin taýýarlan sürüjisiz ulagyny özbaşdak sertifisirlän ilkinji kompaniýa bolandygyny  nygtaýar.

Zoox VH6 dört ýolagça niýetlenen ultraykjam mikroawtobus pisint ulagdyr (uzynlygy - 3,6 metr). Sürüjisiz ulagyň kuzowynyň swesy ýokdur, gapylary gapdala süýşürilip açylýar, salonynda bolsa biri-birine bakdyrylyp goýlan iki diwan bar.
Oturgyçlary simsiz zarýadka we howany sazlamak hem-de beýleki goşmaça funksiýalar üçin sensorly paneller bilen  enjamlaşdyrylan.
Zoox VH6-nyň tekerleriniň iki jübüti hem duran ýerinde aýlanýan edip ýasalan. Şonuň üçin sürüjisiz ulag diňe bir manýowr etmäge çeýe bolman, eýsem islendik tarapy bilen öňe ýöräp bilýär. Zoox VH6-nyň güýç agregaty doly eletrikleşdirilen, energiýanyň saklanyşyna bolsa 133-kilowattlyk batareýa jogap berýär. Şol tutuş günüň dowamynda ulanmaga ýeter diýip hasaplanylýar.
Sürüjisiz ulag üçin awtonom dolandyryş ulgamyny Zoox öz güýji bilen işläp taýýarlady. Ol dürli tarapdaky obýektleri 150 metr daşlykdan "duýup-görüp" bilmäge mümkinçilik berýän lidarlaryň, radarlaryň we kameralaryň toplumyna esaslanýar.  


düýn 09:37
1.5k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.1k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
873

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.6k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......