Merkezi Aziýa döwletlerine özara gatnaşyklaryň pandemiýadan öňki derejesini dikeltmek başartdy - Tokaýew

  • 22.07.2022 18:23
  • 27k+

Merkezi Aziýa döwletlerine özara gatnaşyklaryň pandemiýadan öňki derejesini dikeltmek başartdy.  Bu barada penşenbe güni geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň IV konsultatiw duşuşygynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy diýip, Trend ýazýar.

Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklary barha giňeýär.

"Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara gatnaşyklaryň diňe bir pandemiýadan öňki derejesini dikeltmek bilen çäklenilmän, eýsem, haryt dolanyşygyny hem düýpli ýokarlandyrmak başartdy. Biziň maglumatlarymyza görä, geçen ýyl sebitiň öz içindäki söwdanyň göwrümi sekiz milliard dollardan köp bolup, 27% artdy" - diýip, Tokaýew belledi.

Sebitde durnukly ösüşi, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek - ýurtlara geljekki nesilleriň öňündäki uly jogapkäçiligi ýükleýän umumy wezipedir — diýip, Tokaýew nygtady. 

"Gazagystanyň sebitdäki hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn berkitmekde, dünýä giňişliginde Merkezi Aziýanyň ornuny ýokarlandyrmakda strategik kursa wepaly bolup galjakdygyna size ynandyrmak isleýärin" - diýip, Tokaýew belledi.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

26.04.2026 09:48
2.2k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......