Tom Kruz «Top Gan: Mewerik» üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?

  • 22.07.2022 14:48
  • 13k+

Variety neşiri Golliwudyň iň meşhur aktýorlarynyň näçe gazanýandygyny anyklady. Öňde, gürrüňsiz, Tom Kruz durýar, ol biçak şowly çykan "Top Gan: Mewerik" üçin 100 mln dollar alar.  Sebäbi aktýora diňe bir elhaky däl, eýsem, umumy ýygymlardan gelýän göterim hem tölenmekçi.

Ikinji ýerde "Emansipasiýa" trilleri üçin 35 mln dollar aljak  Uill Smit durýar. Üçünji ýeri deňine iki aktýor eýeleýär: Leonardo Di Kaprio "Gülli Aýyň ganymy" üçin 30 mln dollar we Bred Pitt hem Formula-1 baradaky atsyz serial üçin şonça mukdardaky puly alar.
Gyzyklanma üçin Robert Dauni-kiçini hem belläp geçeliň, ol Kristofer Nolanyň "Oppengeýmer" filmi üçin bary-ýogy 4 mln dollar alar. Variety-niň belleýşi ýaly, onuň hem  sebäbi aktýorlar, elhaky azajygam bolsa, atly režissýorlar bilen işleşmäge ölemen höwesek. 
Golliwudyň iň köp elhaky alýan aktýorlary:

  • Tom Kruz ("Top Gan:Mewerik") - 100 mln dollardan gowrak
  • Uill Smit ("Emansipasiýa") - 35 mln dollar
  • Leonardo Di Kaprio ("Gülli Aýyň ganymy") - 30 mln dollar
  • Bred Pitt (Formula-1 hakyndaky atsyz serial) - 30 mln dollar
  • Dueýn "Gaýa" Jonson ("Gara Adam") - 22,5 mln dollar
  • Uill Ferrell ("Roždestwonyň ruhunda") - 20 mln dollar
  • Kris Hemswort ("Taýler Reýk: Halas ediş hereketi 2") - 20 mln dollar
  • Win Dizel ("Forsaž 10") - 20 mln dollar
  • Tom Hardi ("Wenom 3") - 20 mln dollar
  • Hoakin Feniks ("Joker 2") - 20 mln dollar
şu gün 17:42
1.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

şu gün 17:35
877

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......

şu gün 11:37
2.6k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

şu gün 11:26
1.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....