Volvo II çärýekde operasion girdejisini çaklamalardan ep-esli ýokarlandyrdy

  • 21.07.2022 14:03
  • 9.1k+

Ýük awtomobillerini öndürmek boýunça dünýäde ikinji orunda durýan Şwesiýanyň Volvo AB konserni ikinji çärýekde girdejisini, şeýle-de arassa we operasion girdejisini ýokarlandyrdy. Bu barada interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, aprel – iýun aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 9,06 mlrd Şwesiýa kronasy bilen deňeşdirilende, 10,52 mlrd krona ($1,03 mlrd) boldy. 
Düzedilen operasion girdeji 9,73 mlrd kronadan 13,75 mlrd krona çenli ýokarlandy. Bloomberg agentligi tarapyndan sorag edilen analitikler bu görkezijiniň 12,5 mlrd krona ýetmegine garaşypdylar.
Düzedilen operasion tapawut bir ýyl ozalky 10,7% bilen deňeşdirilende, 11,6%-e çenli ýokarlandy. Volvo-nyň çärýek girdejisi 31% ýokarlanyp, 118,9 mlrd krona boldy.
Şol bir wagtyň özünde, geçen çärýek ýük ulaglary üçin sargytlaryň göwrümi 57,96 müňden 53,39 müňe çenli azaldy, üpjünçilik bolsa 45,67 müňden 60,83 müňe çenli ýokarlandy. Gurluşyk enjamlarynyň sargytlary 36,12 müň birlikden 21,09 müňe çenli peseldi, üpjünçilik bolsa 30,66 müň birlikden 22,4 müňe çenli azaldy.
Sişenbe güni Volvo-nyň paýnamalary 2% gymmatlady. Şu ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 18,1%, 340 mlrd krona çenli azaldy. 


06.02.2026 15:08
2.5k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy...

27.01.2026 10:20
2.2k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...