Samsung-yň uly tanyşdyrylyş dabarasynyň senesi belli boldy

  • 21.07.2022 09:05
  • 11k+

Abraýly insaýder evleaks geljekki Galaxy Unpacked çäresiniň senesini mälim etdi. Neşir edilen postere laýyklykda, Samsung 10-njy awgustda Galaxy Z Fold4 we Z Flip4 bilen tanyşdyrar diýip, “Sammobile” portaly habar berýär. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Insaýder tarapyndan neşir edilen surat öň internetde gol we çäräniň senesi bolmazdan peýda boldy. Posterde benewşe reňkde Samsung Galaxy Z Flip4-i görmek bolýar. 
Portalyň belleýşi ýaly, öňki maglumatlarda Samsung-yň täze eplenýän smartfonlar üçin deslapky sargytlary 16-njy awgustdan kabul edip başlajakdygy nygtaldy. Şeýle-de bolsa, Galaxy Z Fold4 we Z Flip4 üçin deslapky sargytlaryň 2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda hödürlenen geçen ýylky modeller bilen bolşy ýaly, tanyşdyrylyş güni başlap hem biler. Täze önümler eýýäm 26-njy awgustda satuwa çykarylar diýlip çaklanylýar.
Samsung heniz geljekki çäre baradaky maglumatlara teswir bermedi. Ähtimal, Günorta Koreýanyň kompaniýasy Galaxy Unpacked-i onlaýn tanyşdyrylyş dabarasy hökmünde geçirer.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...