Türkmenistan HHR-e turbageçiriji arkaly gaz ibermekde öňdeligi saklaýar

  • 21.07.2022 00:21
  • 9.9k+

Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz satýan döwletleriň arasynda Türkmenistan 2022-nji ýylyň 6 aýynyň jemi boýunça birinji ýeri eýelemegini dowam edýär. Bu barada HHR-niň Baş gümrük müdirligine salgylanýan TASS habar berýär.

Alty aýyň dowamynda HHR Türkmenistandan 4,51 mlrd dollarlyk tebigy gaz aldy (ösüş 1,5 esse). Ikinji ýerde Russiýa durýar, onuň yzyndan Mýanma  (12%, 616 mln dollara çenli peselen), Gazagystan (8,8%, 531 mln dollara çenli azalan) we Özbegistan (takmynan 2,2 esse, 404 mln dollara çenli artan) gelýär.
Ýanwar-iýun aýlarynda HHR-e suwuklandyrylan gazy ibermekde Awstraliýa öňde boldy (7,73 mlrd dollara 11,15 mln tonna), onuň yzyndan Katar (5,02 mlrd dollara 7,64 mln tonna), Malaýziýa (3, 56 mlrd dollara 3,93 mln tonna) gelýär.
Russiýadan Hytaýa iberilýän suwuklandyrylan tebigy gaz ýanwar-iýun aýlarynda ýyllyk hasaplama görä 28,7%, 2,35 mln tonna çenli artdy. Çap edilen hasabata görä, ady agzalan energiýa göterijiniň Russiýa Federasiýasyndan edilýän importy pul hasabynda aýdylanda 2,15 mlrd dollardan agyp, 2,8 esse artdy. Hytaý tarapyndan satyn alynýan suwuklandyrylan tebigy gazyň fiziki göwrümi boýunça Russiýa 4-nji ýerde durýar.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....