«Barselona» Lewandowskiniň tanyşdyrylyş dabarasyny näbelli möhlete süýşürdi

  • 20.07.2022 18:46
  • 14k+

Ispaniýanyň "Barselona" futbol klubunyň täze oýunçysy Robert Lewandowskiniň tanyşdyrylyş dabarasy yza süýşürildi diýip, Marca sport gazeti habar berýär. 

Ol hepdäniň sişenbe güni geçirilmelidi, täze bellenen senesi heniz näbelli. Polşaly hüjümçi eýýäm lukmançylyk barlagyndan geçdi, emma toparyň ABŞ-da boljak "Inter Maýami" futbol klubyna garşy ýoldaşlyk duşuşygynyň öňýanyndaky açyk türgenleşiklerine gatnaşmady. 
Ozal Lewandowski Mýunheniň "Bawariýa"-syndan çykmak kararyna gelipdi we 16-njy iýulda onuň "Barselona" bilen şertnama gol çekişendigi mälim boldy.
33 ýaşly Lewandowski FIFA-nyň wersiýasy boýunça 2021-nji ýylyň iň oňat oýunçysy (The Best Men s Player) adyny aldy. Oýunçy "Bawariýa"-nyň düzüminde sekiz gezek Germaniýanyň çempiony boldy,  Çempionlar ligasyny  (2020),  UEFA-nyň Superkubogyny (2019-20) we dünýäniň klublararasy çempionatyny (2020) utdy.


düýn 23:46
785

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......