2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň senesi belli boldy

  • 20.07.2022 15:04
  • 6.7k+

Los-Anjelesdäki 2028-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary 14-nji iýuldan 30-njy iýul aralygynda geçiriler diýlip, ýaryşlary guraýjylaryň resmi saýtynda habar berilýär. Muny sportmail.ru ýetirýär.

Seneler Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah bilen 2028-nji ýyldaky Oýunlaryň koordinasiýa komissiýasynyň başlygy Nikol Howerts amerikan şäherine baryp görenden soň yglan edildi. 
Los-Anjelesdäki Paralimpiada 15 – 27-nji awgusta meýilleşdirilýär.
Los-Anjeles 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hojaýyny diýlip yglan edildi. Şäher Olimpiadany öň iki gezek kabul etdi – 1932-nji we 1984-nji ýyllarda. Iki ýagdaýda-da bular tomusky Oýunlar bolupdy. 


10.02.2026 21:40
11k+

ABŞ-ly figuraçy Olimpiada-2026-da 50 ýyllap gadagan bolan saltony ýerine ýetirip, toparyna ýeňiş getirdi

Milandaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiada oýunlarynda 21 ýaşly amerikaly figuraçy typyjy Ilýa Malinin ýaryşyň çäklerinde ýarym asyrlap gadagan edilen yza tarap saltony ilkinji gezek kanuny esasda ýerine ýetirip, taryha girdi...

09.02.2026 15:11
1.4k+

"Sietl" Superboulyň ýeňijisi boldy: Sport dünýäsiniň iň iri wakasy nähili geçdi?

Superboul — ABŞ-nyň Milli Futbol Ligasynyň (NFL) möwsüminiň final duşuşygy bolup, dünýäniň iň iri sport wakalarynyň biridir. Diňe bir ABŞ-nyň özünde bu oýna ýurduň her üçünji ýaşaýjysy tomaşa edýär. Ýeňiji topar amerikan futbolynyň baş baýragy bolan Lombardi kubogyny alýar...

08.02.2026 13:57
9.1k+

Rekord däl, medal döwüldi: Olimpiadada şwesiýaly lyžaçynyň kümüş medaly üçe bölündi

Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda şwesiýaly lyžaçy Ebba Anderssonyň kümüş medaly skiatlon ýaryşyndan soňky sylaglaýyş dabarasynyň edil yz ýanynda döwüldi. Bu barada SVT teleýaýlymy habar berýär...

07.02.2026 09:33
3.6k+

Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?

7-nji fewrala geçilýän gije Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Taryhda ilkinji gezek bu çäre bir wagtyň özünde birnäçe şäherde — Milan, Kortina-d’Ampesso, Predasso we Liwinýo şäherlerinde geçirildi...