Apple-iň täze iPhone 14 smartfonlarynda Sim-kartlardan el çeker

  • 19.07.2022 16:24
  • 32k+

Ýewropada we Aziýada eSIM tehnologiýasy uly meşhurlyga eýe bolýar, Apple-iň hem iPhone 14 smartfonlarynda fiziki SIM-kartlar üçin slot (ýer) bolmaz diýip, gazeta.ru ýazýar.

Apple, megerem, iPhone-nyň birnäçe modifikasiýasyny - hem fiziki we sanly SIM-kartlysyny, hem-de diňe eSIM bilen işleýänini çykarar. Ýagny kompaniýa köpçüligiň bazary üçin SIM-kart goýup bolýan modeli hem saklar.
Smartfonyň tora eSIM-iň üsti bilen çatylýan görnüşi diňe bu adybir tehnologiýanyň giňden ýaýran ýurtlarynda satylsa gerek.
eSIM tehnologiýasy ilkinji gezek iPhone Xs we Xr-de peýda bolupdy. iPhone 13-iň çykmagy bilen, kompaniýa ulanyjylara birbada iki eSIM ulanmaga mümkinçilik döretdi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...