Özbegistanyň ilatynyň sany 35,6 million adama ýetdi

  • 16.07.2022 08:37
  • 12k+

1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, Özbegistanyň hemişelik ilatynyň sany 35,6 mln adama barabar. Bu barada respublikanyň Döwlet statistika komiteti habar berýär. Muny centralasia.media ýetirýär.

Edaranyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli respublikanyň hemişelik ilaty 35 603 443 adama barabardy. Aýallaryň sany 17 690 386, erkekleriň sany 17 913 057 adama deň. 
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýagdaýa görä, hemişelik ilatda erkekleriň sany aýallaryň sanyndan 222 671 adam köp. 
Mundan öň, Döwlet statistika komiteti ýylyň başyndan bäri özbegistanlylaryň syýahatçylyk maksatlary bilen haýsy ýurtlara köp gidendikleri barada habar berdi. Özbegistanyň raýatlarynyň syýahatçylyk maksatlary bilen iň köp gidýän ýurtlarynyň arasynda Gyrgyzystan öňdebaryjy boldy – 788,4 müň raýat.


05.02.2026 22:58
3.1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

02.02.2026 00:53
2.6k+

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

29.01.2026 15:36
2.6k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

30.12.2025 16:22
6.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly...