«Ýuwentus» Pogbanyň kluba dolanýandygyny yglan etdi

  • 12.07.2022 11:12
  • 9.6k+

Turiniň «Ýuwentusy» resmi saýtynda fransuz ýarym goragçysy Pol Pogba bilen şertnama gol çekişendigini mälim etdi. Futbolçy, «Mançester Ýunaýted» bilen şertnamasynyň möhleti dolansoň, erkin agentiň hukugynda «Ýuwentusa» mugt goşuldy.

«Pol Turine gaýdyp geldi. Ol bu ýerden oglanjykka gidipdi, yzyna-da erkek kişi we çempion bolup dolandy. Ýöne bir zat welin üýtgewsiz galdy, ol hem klubuň taryhynyň ýatdan çykmajak sahypalaryny bilelikde ýazmak islegi.
Pogba gaýdyp geldi, biz muňa örän şat!» - diýip, «Ýuwentusyň» metbugat gullugy ýazdy.

Ozal Pogba «Ýuwentusyň» düzüminde çykyş edipdi. Fransiýaly türgen 2012 - 2016-njy ýyllar aralygynda turin klubunyň oýunçysy bolupdy. "Ýuwentusda" döwründe Pogba 177 oýna gatnaşdy, 34 gezek gol saldy we 40 gezek netijeli pas berdi.
Ýarym goragçy "Ýuwentusyň" düzümindekä Italiýanyň çempiony boldy, iki gezek ýurduň Kubogyny gazandy we üç gezek Italiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. Biraz soň Pol Pogba 105 mln ýewro "Mançester Ýunaýtede" geçdi. 


düýn 20:28
6.6k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.8k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....