Aşgabatda dünýä belli «Jumbo» we «Emsan» gap-gaç brendleriniň dükany açyldy

  • 07.07.2022 11:30
  • 18k+

Öýde saçagyňyzy bezemek üçin kaşaň hem göze gelüwli gap-gaçlaryň giň toplumyny hödürleýän Türkiýäniň dünýä belli «Jumbo» we «Emsan» brendleriniň dükany Aşgabatdaky «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde hereket edip başlady. Bu dükanlar brendiň Türkmenistandaky ilkinji hem ýeke-täk dileri tarapyndan hödürlenilýär.

Bulardan başga-da, bu dükanlardan Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň ýokary hilli önümlerini alyp bilersiňiz.

«Jumbo» we «Emsan» brendleri stol üstüniň hem-de aşhananyň modasyny kesgitleýän meşhur brendler bolup durýar. Bu brendleriň önümleri polatdan, farfordan hem-de aýnadan ýasalyp, tagamlaryň diňe bir owadan görünmegini däl, eýsem, datly tagamyny saklap galmagyny hem üpjün edýärler. Türkiýede we tutuş dünýäde 120-den gowrak senagat dizaýnyna eýe bolan bu dükan indi türkmenistanly alyjylara hem elýeterli boldy.
Dükanyň işgärleri müşderileri bilen öý gap-gaçlaryny saýlap almak hem-de olary ulanmak boýunça hem baý tejribelerini paýlaşarlar.

Dükanlarda tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.
Gurban baýramy mynasybetli müşderiler 15-nji iýula çenli «Jumbo» we «Emsan» dükanlaryndan ähli harytlary 20% arzanlaşykly satyn alyp bilerler. Dükan şäher içine eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär. Galyberse-de, welaýatlara hem eltip bermek hyzmaty bar.
Dükanlaryň harytlaryny öýde oturan ýeriňden Instagramdan hem sargyt etmek mümkin. Mundan başga-da müşderiler Instagram sahypasynyň üsti bilen dürli arzanladyşlary, aksiýalary we beýleki täzelikleri yzarlap bilerler.

Telefon belgileri: +99365724005 (Jumbo); 105-105; +99361229306 (Emsan)
Instagram: @jumbo_turkmenistan; @emsan_turkmenistan
Salgysy: Magtymguly şaýoly, «Gül Zemin» söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat.


11.05.2026 09:43
9k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....