Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna doly hukukly agza bolmaga çalyşýar

  • 07.07.2022 07:33
  • 9.5k+

5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BSG-niň Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň ýolbaşçylygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-a goşulmagynyň meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň BSG-da “goşulýan ýurt” derejesine eýe bolmagy, Türkmenistanyň daşary söwdada ýagdaýynyň berkemegine, ynamly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine şeýle-de, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Türkmenistanyň guramaçylykly hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine we bu ugurlar boýunça toplumlaýyn işleriň dowam etdirilmegine ýardam berer diýlip bellenildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew maslahatda çykyş etmek bilen: "Biziň döwletimiziň esasy maksady Bütindünýä Söwda Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagyndan ybaratdyr" diýip aýratyn belläp geçdi. Bu ugurda Türkmenistan gurama bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmekde yzygiderli tagallalary dowam etdirer.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......