Xiaomi 12S Ultra smartfony tanyşdyryldy

  • 06.07.2022 01:44
  • 17k+

Xiaomi kompaniýasy özüniň iň oňat öňdebaryjy smartfony bolan Xiaomi 12S Ultra bilen tanyşdyrdy. Xiaomi 12S Ultra Qualcomm Snapdragon 8 Plus Gen 1 mobil platformasynyň binýadynda ýasaldy we oňa şu günki güne çenli  Xiaomi-niň iň oňat hem-de iň gymmat 2K-ekrany diýip atlandyrylan OLED-ekrany goýuldy. 

Xiaomi 12S Pro  şekili aňrybaş dury görkezýän we energiýany tygşytly sarp edýän häsiýete eýe, 2K razreşeniýeli LTPO-nyň ikinji nesliniň 6,73 dýumlyk ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr. Dykyzlygy her dýuýmy 522 piksel. Ýagtylygy 1500 kd/m2 deň, reňkiniň çuňlugy - 10 bit. Ekrany şekiliniň täzelenişiniň 1-den 120 Gs-e çenli  intellektual dinamiki ýygylygyny goldaýar, bu bolsa zarýad berilmezden işleýän wagtyny netijeli uzaldýar. 

Xiaomi 12S Ultra suwuklyk bilen sowatmaklygyň häzirki zaman VC ulgamyna eýe, ol bir gezek berlen zarýady bilen bir günden gowrak işläp bilýär. Akkumulýatorynyň sygymy 4860 mA/s. Smartfon 67-wattlyk zarýadkany göterýär (15 minutda 0-dan 50%-e çenli ). Kuwwaty 50 Wt bolan simsiz zarýadkany we kuwwaty 10 Wt-lyk simsiz yzky zarýadkany göterýär.
Xiaomi 12S Ultra smartfonunda ilkinji gezek razreşeniýesi 50 Mp bolan 1 dýum optiki formatly şekiliň  täze uly datçigi Sony IMX989 ulanyldy. 
iPhone 13 Pro Max bilen deňeşdirilende datçiginiň meýdany 172%, ýagtylyk duýujylygy 76%, kamerasynyň işleýiş tizligi 32,5%, goýberiş tizligi 11% ulaldylan. Sony IMX989-niň işlenip taýýarlanyş bahasy 15 million dollar bolup, datçigi Xiaomi we Sony kompaniýalarynyň bilelikdäki tagallasy bilen döredildi.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...