Gartner 2022-nji ýylda PK-nyň global satuwynyň 9,5%, telefonlaryň – 7,1% peseljekdigini çaklaýar

  • 05.07.2022 09:39
  • 5.7k+

2022-nji ýylda personal kompýuterleriň, planşetleriň we ykjam telefonlaryň global üpjünçiligi 7,6% azalar diýip, Gartner Inc. analitik kompaniýasy çaklaýar. Şol bir wagtyň özünde, Hytaýda we Gündogar Ýewropada pese gaçyş derejesi iki belgili görkezijiler bilen aňladylar diýip, interfax.ru belleýär.

Analitikler şu ýylyň jemi boýunça PK-nyň satuwynyň 9,5% peselmegine garaşýarlar. Şol sanda sarp edijiler tarapyndan isleg 13,1% azalar, biznes tarapyndan kompýuterleriň satyn alynmagy bolsa ýyllyk hasabynda 7,2% azalar.  
EMEA sebitinde (Ýewropa, Afrika we Ýakyn Gündogar) sarp edijileriň isleginiň ýoklugy sebäpli şu ýyl PK-nyň satuwynyň 14% peselmegine garaşylýar. 
Şu ýyl ykjam telefonlaryň global üpjünçiligi 7,1%, şol sanda smartfon üpjünçiligi 5,8% azalar. Hytaýda 5G-li modellere bolan islegiň 2% azalmagy bilen birlikde, smartfon satuwy 18,3% azalar.   

“Ýylyň başynda Hytaýda 5G-telefonlaryň bazary iki belgili ösüşi görkezer diýlip garaşylypdy. Hytaýda COVID-19 üçin syýasatyň täsiri we şonuň netijesinde lokdaunlar tendensiýanyň düýpgöter üýtgemegine getirdi. Sarp edijileriň köpüsi zerur hasaplanmaýan harytlary, şol sanda 5G smartfonlaryny satyn almagy bes etdi” – diýip, Gartner-iň uly analitigi Ranjit Atwal belleýär.

Gartner 2022-nji ýylda 5G telefonlaryň global üpjünçiliginiň 710 mln boljakdygyny çaklaýar, bu geçen ýylky derejeden 29% köpdür. Ýylyň başynda üpjünçiligiň 47% ýokarlanmagyna garaşylypdy. 

düýn 23:12
2.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.9k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.5k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......