Aşgabatda «Bitewi saglyk» konsepsiýasy boýunça sebit maslahaty geçirildi

  • 05.07.2022 09:01
  • 9.8k+

4-nji iýulda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde ýokary derejeli sebit maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen forumynyň işine abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, halkara bilermenler hem-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hünärmenler gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde “Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin milli ileri tutulýan ugurlara düşünmek”, “Merkezi Aziýada bitewi saglyk ugrunda hyzmatdaşlyk: adamyň, haýwanat dünýäsiniň we daşky gurşawyň özara gatnaşygynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Olaryň dowamynda ýöriteleşdirilen edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine garaldy.
Adamlaryň, öý we ýabany haýwanlaryň saglygy bilen daşky gurşawyň, şol sanda giň ekoulgamlaryň ýagdaýynyň arasyndaky berk arabaglanyşyk meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda keselleriň öňüni almak we adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, azyk önümleriniň hiline hem-de howpsuzlygyna berk gözegçilik edilýändigi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin giň gerimli işleriň geçirilýändigi bellenildi.
Wekiliýetiň agzalary türkmen kärdeşleri bilen Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumda jemleýji resminama kabul edilip, onda ýurtlaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalary üçin esasy ugurlar öz beýanyny tapdy.


20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......