Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze enjamlar satyn alnar

  • 02.07.2022 14:03
  • 9k+

1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, degişli kompaniýalar bilen zerur enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnamalary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň  hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bökdençsiz işlemegine mümkinçilik berer. 
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gyzyklanma bildirýän ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......