«PSŽ» oty garawullamak üçin dört laçyn we bir bürgüt hakyna tutdy

  • 29.06.2022 10:58
  • 27k+

«Pari Sen-Žermen» klubunyň ýolbaşçylary «Park de Prens» stadionyndaky täze ot ekilen gazonyny goramak üçin üýtgeşik çäre oýlap tapdy.

Geçen hepde agronomlar täze gazona tohum sepdiler. Ekini kepderiler çokup zaýalamaz ýaly, paýtagtyň klubundakylar laçyn awlamak bilen meşgullanýan kompaniýa kömek sorap ýüz tutdular. Şeýlelikde, oty goramak üçin dört sany laçyn bilen bir bürgüt hakyna tutuldy.
«PSŽ-nyň» «Park de Prens» stadiony 1897-nji ýylda gurlupdy, 1972-nji ýylda bolsa stadionyň durky täzelenipdi. Onuň içine 48 müň töweregi tomaşaçy sygýar.
Geçen möwsümde «PSŽ» 38 oýunda 86 utuk jemläp, fransuz Liga 1-iň ýeňijisi boldy. Bu klubuň tutuş taryhynda Fransiýanyň çempionatynda gazanan onunjy ýeňşidir.


düýn 19:10
4.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....