Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (27.06 — 03.07)

  • 27.06.2022 00:09
  • 36759
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (27.06 — 03.07)

Indiki hepde Türkmenistanyň aglaba welaýatlarynda adatdan daşary yssy bolmagyna garaşylýar. Howa maglumaty gullugy käbir sebitlerde howanyň +47 derejä çenli gyzmagy mümkin diýip habar berýär. Emma hepdäniň dynç günlerine golaý yssy biraz düşüşip ugrar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe  we sişenbe günleri termometriň sütünjigi +45 - +46 derejä ýeter. Çarşenbe güni howa +42 dereje bolar diýip çaklanylýar. Penşenbede aňrybaş temperatura +39 derejä çenli aşaklar, anna güni bolsa ýene +40 derejä galar. Dynç günleri temperaturanyň +33 derejä çenli aşaklamagy mümkin.

Balkan welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri temperaturanyň derejesi +39 - +38-de saklanar. Çarşenbe güni aňryçäk temperaturanyň +35 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Penşenbe güni howa ýene gyzyp, temperatura +39 derejä galar. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli  termometriň sütünjigi +35 derejäni görkezer. 

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howa +43 derejä çenli gyzar. Sişenbede howanyň aňrybaş gyzgynlygy +45 derejä ýeter. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +40 derejä düşer. Penşenbe we anna günleri howanyň gyzgynlygy biraz düşüşip, +35 - +35 dereje bolar. Dynç günleri termometriň sütünjigi +30 derejäni görkezer. 

Mary welaýatynda duşenbe we çarşenbe günleri aralygynda aňrybaş temperatura +46 derejede saklanar. Penşenbede termometriň sütünjiginiň +42 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Anna we şenbe günleri +41 dereje yssy bolar. Ýekşenbe güni  howanyň +34 dereje bolmagy mümkin we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar.

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň gyzgynlygy +45 dereje bolar diýip garaşylýar. Çarşenbe güni özi bilen +47 dereje yssy howany getirer. Penşenbe güni aňrybaş yssylygyň +40 derejä çenli peselmegi mümkin we termometriň sütünjigi tä şenbe gününe çenli şol derejäni görkezer. Ýekşenbe güni yssynyň +33 derejä çenli biraz düşüşmegi mümkin. Şeýle-de, dynç günleri şemal güýçlenip, tizligi sekuntda 16 metre ýeter.   


18.09.2022 10:27
16565

Ahal welaýatynda 6 müň 200 metrlik Saglyk ýoly dörediler

17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine baryp görmeginiň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Saglyk ýolunyň geçjek ýerleriniň...

05.09.2022 01:55
21660

Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň çagalar hassahanasyna sebitde ýeke-täk emeli dem beriş enjamyny gowşurdy

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde welaýatyň çagalar hassahanasynyň işgärlerine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky...

05.09.2022 01:50
10127

Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň çagalar hassahanasyna baryp gördi

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy...

24.08.2022 12:41
11023

Aşgabatda saglyk ugurly käbir merkezleriň täze binalary gurlar

23-nji awgustda Aşgabatdaky iri gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy bilen tanşan mahalynda Prezident Serdar Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap binalar toplumyny, şeýle...