Daniýa planetany halas etmek üçin täze salgyt girizdi

  • 26.06.2022 10:40
  • 15k+

Daniýada klimatyň üýtgemeginden halas etmek maksady bilen planeta üçin zyýanly zyňyndylara täze salgyt girizildi. Ýewropa ýurdunyň häkimiýetleri bu çäre atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny 70% azaltmaga kömek eder diýip hasaplaýarlar. Bu barada hökümete salgylanyp, TV 2 teleýaýlymy habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Klimat we energetika ministri Dan Ýorgensen şeýle salgydyň girizilmegini taryhy waka diýip atlandyrdy. “2030-njy ýyla çenli 4,3 mln tonna möçberindäki CO2 zyňyndylary azaldylar, biziň ýurdumyzda hapa önümçilik ekologiýa taýdan arassa önümçilikden has gymmat bolar” – diýip, ol düşündirdi. 
Salgydyň möçberi kömürturşy gazynyň bir tonnasy üçin 750-den 1,1 müň Daniýa kronasyna (takmynan, 105 ýa-da 158 dollar) çenli bolar. Töleg ýurduň çägindäki ähli kompaniýalara degişli, ýöne nebitgaz kärhanalary ýeňillik alar, bu barada jikme-jik habar berilmeýär.


21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......

18.05.2026 14:53
12k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

17.05.2026 10:36
5.2k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....