Medeniýet hepdeliginiň 3-nji güni: köpöwüşginli çäreler

  • 25.06.2022 13:05
  • 4.7k+

“Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýap saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary” atly meýdan şertlerindäki okuw maslahaty, sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usulyýet duşuşygy, muzeý hünärmenleriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeý işi ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary” atly iş maslahaty hem-de öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we fotosuratçylaryň sergisi, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy.

Günüň birinji ýarymynda bu giň gerimli döredijilik çäresine gatnaşyjylar üçin «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýap saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary» atly meýdan şertlerindäki okuw maslahaty geçirildi. Ir bilen medeni foruma gatnaşyjylar mundan müň ýyldan gowrak ozal çig kerpiçden gurlan Uly Gyzgala baryp gördüler. Foruma gatnaşyjylara sahabalaryň kümmeti binagärlik toplumyna baryp görmek mümkinçiligi-de döredildi.

Soňra medeni çäreler Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usulyýet duşuşygy, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeý işi ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de ýurdumyzdaky öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwy geçirildi. Bu döredijilik çäresine Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, “Gökdepe” milli muzeýiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, welaýat muzeýleriniň işgärleri, öý muzeýleriniň eýeleri, suratkeşler, sungaty öwrenijiler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, taryhçy alymlar, etnograflar, arheologlar, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşulyşmak bilen, Türkmenistanda medeni syýahatçylygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Medeni çäreleriň çäklerinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmler görkezildi. “Owaz” we “Binýat” atly filmlerde türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna aýawly çemeleşýändigi, Watana bolan çäksiz söýgi, parasatlylyk hem-de asyllylyk barada gürrüň berilýär. Mundan başga-da, myhmanlar üçin Mary şäheriniň ajaýyp künjekleri boýunça gezelençler guraldy.

Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleriniň dowamynda Mary şäheriniň iç keseller hassahanasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Bejeriş-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Hormatly il ýaşulusy G.Ataýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri A.Burunow bilen Mary welaýatynyň saglygy goraýyş işgärleriniň duşuşygy geçirildi. Döredijilik forumynyň üçünji güni konsert bilen tamamlandy. Onda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň aýdymçylary hem-de döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. 


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......