Karakol şäheri GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde resmi taýdan açylmaga taýýarlanýar

  • 22.06.2022 07:46
  • 11k+

Şu ýyl GDA-nyň medeni paýtagty Karakol şäheri boldy. Ol Gyrgyzystanyň Issyk-Kul kölüniň kenarynda ýerleşýär. “MIR 24-iň” korrespondenti Maýýa Smehowa täze at bilen şäheriň durmuşynyň nähili üýtgejekdigi bilen gyzyklandy.  

Köp milletli Karakol şäherinde onlarça däp-dessur biri-biri bilen baglanyşdy. Bu ýerde özboluşly arhitektura ýadygärlikleri, öýler we binalar ýerleşýär. Syýahatçylar XIX asyrda gurlan Mukaddes Troisanyň ybadathanasyna syýahat edip bilýärler. Şeýle-de, agaçdan bolan dungan metjidine baryp görmek maslahat berilýär, ol ýekeje-de çüý kakylmazdan guruldy. 

“Ilkibaşda şäheriň binalary Merkezi Aziýanyň adaty binalaryndan tapawutlanmaýardy, ýöne 1889-njy ýylda bolup geçen ýertitremeden soň şäher sözüň doly manysynda ýeriň ýüzünden süpürilen ýaly boldy we agaç binalary, öýleri täzeden gurmak kararyna gelindi. Siz bu ýerde köp sanly nagyşly “köke” öýlerini görüp bilersiňiz” – diýip, ekskursiýanyň ýolbaşçysy Wiktoriýa Melýaşkowa gürrüň berýär.

Syýahatçylaryň iň gowy görýän ýeri gyrgyzystanly ussalaryň özboluşly önümleri bolan suwenir dükanydyr. Bu ýerde her önüm bir nusgada hödürlenýär.
“Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” halkara maksatnamasynyň çäginde ülkäni öwreniş muzeýiniň zallarynyň biri eýýäm täzelendi. 
Häzirki wagtda Karakolda şäheriň medeni paýtagt hökmünde resmi taýdan açylmagyna taýýarlanylýar. Ol iýul aýynyň başynda bolar. 

“Ol ýerde çäreler köp bolar, oýmo bolar, etnofeýşn, konsert programmasy bolar, ol ýere GDA-nyň ähli ýerinden orkestr we GDA agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň wekilleri geler, biz häzirki wagtda ondan gowrak resmi myhmanyň we 300-den gowrak artistiň gelmegine garaşýarys” – diýip, Karakolyň häkimi Ermat Jumaýew belledi.

Her ýyl Karakola müňlerçe syýahatçy barýar. Bu ýerde gyşda lyžada typylýar, tomsuna Issyk-Kulda suwa düşülýär. Şäher ilatynyň aýtmagyna görä, şähere bir gezek baryp görenler ony gowy görüp, asla ýatdan çykarmaz. 


04.06.2026 00:36
3.6k+

Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik......

23.05.2026 19:54
2.8k+

Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine......

05.04.2026 22:37
8.1k+

Gyrgyzystanyň daglarynda bir höwesjeň seýrek duş gelýän garaguşuň höwürtgesini tapdy

Günorta Gyrgyzystanyň daglarynda tebigaty söýüji bir adam seýrek duş gelýän guşuň - garaguşuň höwürtgesini tapdy....

02.02.2026 02:10
1.9k+

Täze «Turkic World» halkara portaly Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çärelerini giňden şöhlelendirer

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleri ulgamlaýyn esasda maglumat taýdan şöhlelendirer...