Ýedidogan kim?

  • 18.06.2022 18:23
  • 41k+

Türkmenistanda ilkinji bolup dürli görnüşli kagyz gaplama önümçiligi bilen meşgullanyp başlan «Ýedidogan» kärhanasy polietilen torbalarynyň ulanylyşyny azaltmagy hem-de kagyz torbalaryny adamlarda endige öwürmegi, şonuň bilen birlikde, eko-medeniýetini ösdürmegi baş maksady edinýär.

Önümçilikde Germaniýanyň enjamlaryny ulanmak bilen bir hatarda, Ýewropanyň ýokary hilli çig malyndan peýdalanýan «Ýedidogan» önümleriniň hil görkezijisiniň ýokary bolmagyna güwä geçýär.

«Ýedidoganyň» öndüren kagyz torbalaryny ulanmak bilen müşderi näme gazanýar?

  • kagyz torba, polietilene garanyňda owadan hem göze gelüwli;
  • adam saglygyna we iýmite zyýansyz;
  • tebigata zyýansyz bolup, gaýtam peýdaly, zyňylan kagyz torbalar ilkinji ýagyşda eräp, topragy iýmitlendirýär;
  • torba hemme kişiniň elinde aýlanýar. Kagyz torba öz haryt nyşanyny basgy etdiren müşderi üçin ol gezip ýören reklama bolýar. Bu bolsa hem amatly, hem täsirli.
  • taýýar önümler bilen müşderi köp wagtyny tygşytlaýar.

Galyberse-de, dünýä tejribesini alsak, häzirki wagtda öňdebaryjy ýurtlar ekologiýa taýdan arassa önümçilige ýykgyn edýär. Şonuň üçin hem geljekde kagyz torbalarynyň ulanylyşynyň has-da artmagy kanunalaýyklyk bolar.

2017-nji ýylda esaslandyrylan «Ýedidogan» kärhanasy müşderilerine ýokary hilli hyzmat edýär. Her müşderä indiwidual çemeleşilýär we onuň islegi doly derejede kanagatlandyrylýar. Çykyp biläýjek meselelere bolsa, tiz wagtda çözgüt tapylýar. Kärhana habarlaşmak üçin hemişe ulgamda bolýar.
Kärhana täze taýýar önümleri öndürip, satyp başlady. Ol önümler — toý-dabaralary üçin içi sowgatlykly, sadakalar üçin içi namazlykly we tesbili taýýar torbalar. Ol torbalaryň içini islege we amatlylygyna görä, dürli görnüşde üýtgedip bolýar. Toý-sadakasyny sowmak isleýän adam kärhana baryp, «meniň torbamyň içinde şu-şu bolsun» diýip görkezmedäki önümlerden saýlap göni lomaý sargyt edip gidýär. Şeýtmek bilen, myhmana näme paýlamak aladasyndan dynýar we köp wagtyny tygşytlaýar. Myhmanlar üçinem ýokary hilli we täzeçil önüm bolýar.

Salgysy: Aşgabat ş., «Altyn Asyr» söwda merkezi, 10 ýyl Abadançylyk köçesi
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 47-87-66; +99362 88-53-18; +99361 50-05-82; +99361 50-05-83; +99361 50-05-26.
Instagram: @yedidogankraft


düýn 09:55
7.7k+

Ygally hepde: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar...

16.02.2026 09:59
12k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar...

13.02.2026 18:26
32k+

2026-njy ýylda Oraza aýynda Aşgabatda we welaýatlarda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 18-nji fewrala, soňky güni bolsa — 19-njy marta gabat gelýär...

09.02.2026 18:56
17k+

11-nji fewralda ulaglaryň hereket tertibi üýtgediler we janköýerlere ýeňillik dörediler

Türkmenistanyň paýtagtynda «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga taýýarlyk işleri tamamlanýar. Tomaşaçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda Aşgabatda ulaglaryň hereketine we jemgyýetçilik pudagynyň işine aýratyn tertip girizilýär...