Smartfon bazarynyň göwrümi çip ýetmezçiligi sebäpli ep-esli azaldy

  • 20.06.2022 10:01
  • 6.2k+

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfonlaryň Ýewropa iberiliş göwrümi geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 12% azaldy. Bu barada Counterpoint Research agentliginiň hasabatyna salgylanyp, “Gizmochina” neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Analitikleriň maglumatlaryna görä, bellenilen döwürde Ýewropa 49 mln smartfon iberildi, bu bolsa ýyllyk hasabynda 12% azdyr. Agentlik munuň 2013-nji ýyldan bäri birinji çärýek üçin iň pes görkezijidigini belleýär.

Hünärmenler ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň esasy sebäpleri hökmünde ýarym geçiriji komponentleriň ýetmezçiligini, COVID-19 sebäpli Hytaýdaky lokdaunlary hem-de Ukrainada dowam edýän harby hereketleriň esasynda dünýä ykdysadyýetiniň umumy pese gaçyşyny belleýärler.

2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemine görä, Ýewropada bazar paýy boýunça birinji orny Samsung brendi eýeleýär, ol umumy üpjünçiligiň 35%-ini emele getirdi. Ikinji orunda 25% netije bilen Apple ýerleşdi. Üçünji orny 14% bilen Xiaomi eýeledi. Soňra 6% we 4% bilen Oppo we Realme gelýär.

düýn 22:44
1.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
5.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....