Ferrari sentýabrda ilkinji krossowerini hödürlär

  • 18.06.2022 12:22
  • 10k+

Italiýanyň sport awtomobillerini öndürijisi Ferrari N.V şu ýylyň güýzünde özüniň häsiýetnamasy boýunça krossoweri (SUV, sport-utility vehicle) ýada salýan täze awtomobili hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Purosangue atly täze model eýýäm uzak wagt bäri işlenilýär we hatda KHBS-de prototipiniň suratlary-da peýda boldy. Indi Ferrari awtomobiliň tanyşdyrylyş dabarasynyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda boljakdygyny habar berdi. Superkrossoweriň satuwynyň 2023-nji ýylda başlamagyna garaşylýar.
Soňky ýyllarda krossowerler awtomobil bazarynyň ösüşine itergi berdiler. Hatda ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtomobilleri çykarmaga ýöriteleşmedik kompaniýalar hem öz parketniklerini çykarmaga başlady. Olaryň hataryna sportkar segmentinde Ferrari-niň esasy bäsdeşi Bentley bilen Lamborghini-de girýär. 
Şeýle-de, maýadarlar üçin geçirilen çärede Ferrari-niň ýolbaşçylygy 2025-nji ýylda awtomobiliň ilkinji doly derejede elektrik modeliniň peýda boljakdygyny anons etdi. Häzirki wagtda kompaniýa dört gibrid modeli, şol sanda SF90 Stradale flagman modelini çykarýar.
Ferrari 2026-njy ýyla çenli satylýan awtomobilleriň 40%-iniň adaty içerki ýangyç hereketlendirijili, 55%-iniň gibrid, 5%-iniň elektrik hereketlendirijili awtomobil bolmagyna garaşýar. 2030-njy ýyla çenli kompaniýa elektrokarlaryň satuw paýyny 40%-e çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.  


08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
8.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

07.05.2026 11:15
2k+

Ferrari Luce dünýäniň iň gymmat tapgyrlaýyn elektrokary adyna dalaş edýär

Ferrari markasynyň Luce diýlip atlandyrylan ilkinji doly derejeli elektromobili dünýäde iň gymmat seriýaly elektrokar bolup biler. Onuň deslapky bahasy 550 müň ýewro möçberinde çaklanylýar....