Ukraina 2023-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” kabul edip bilmez

  • 18.06.2022 12:17
  • 14k+

Ukraina 2023-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” kabul edip bilmez diýlip, bäsleşigiň guramaçysy bolan Ýewropanyň ýaýlym birleşiginiň beýanynda aýdylýar. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Obýektiw seljermeden soň, “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň referent topary we dolandyryjylar geňeşi häzirki şertleri, howpsuzlyk ýagdaýyny we ýaýlymçy tarapyndan geçirmek üçin zerur bolan operasion kepillikleri göz öňünde tutup, uly gynanç bilen, düzgünlere laýyklykda, “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigini UA:PBC (Ukrainanyň jemgyýetçilik teleradiokompaniýasy) gurnap we geçirip bilmez diýen netijä geldi” – diýlip, metbugat relizinde aýdylýar.

Şeýle-de, 2023-nji ýylda aýdym-saz bäsleşiginiň Beýik Britaniýada geçirilip bilinjekdigi bellenilýär.
“Ýewrowideniýe – 2022-niň” ýeňijisi “Stefania” aýdymy bilen Ukrainanyň Kalush Orchestra topary boldy. Düzgüne laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjysy birinji orny eýelän ýurt indiki bäsleşigi geçirmäge hukuk gazanýar.


17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

01.04.2026 11:20
1.8k+

«Ýewrowideniýe» Aziýada ilkinji aýdym-saz bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi

Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär....