Ford 3,3 mln awtoulagy yzyna gaýtaryp alýar

  • 17.06.2022 19:18
  • 16k+

Ford 3,3 mln awtoulagy (2,9 milliondan gowrak ABŞ-dan we 394 müň sany Kanadadan) yzyna ýygnap alýandygyny mälim etdi. Gürrüň 2013-2019-njy ýyllarda goýberilen Escape, 2013-2018-nji ýyllaryň C-Max-i, 2013-2016-njy ýyllaryň Fusion-y, 2013-2021-nji ýyllaryň Transit Connect-i we 2015-2018-nji ýyllarda goýberilen Edge barada barýar. Häzirlikçe çagyryş kampaniýasy diňe Demirgazyk Amerikanyň bazaryna degişli, ýöne biraz soňrak onuň beýleki satyş bazarlaryny hem öz içine aljagy ikuçsuz. 

Ulaglaryň yzyna ýygnalmagynyň asyl sebäbi — sürüji ulagy duralgada goýup gidenden soň, olaryň öz-özünden sürlüp gidiberýän halatlary hem bolýan eken. Ondan hem başga, hereket wagty korobka degişli peredaça geçip bilmän, heläkçilikli ýagdaýa getirmegi mümkin eken.
Ford emläge zyýan ýetmegi bilen bagly alty ýagdaýyň özüne mälimdigini, üstesine, transmissiýanyň nädogry işlemegi netijesinde alnan şikesler hakynda hem habar gelendigini aýtdy.
Bu eýýäm şu hepdäniň içinde Forduň üçünji çagyryşy — ozal Ford 2020-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2022-nji ýylyň 24-nji maýy aralygynda 48 924 sany Mustang Mach-E-niň yzyna çagyrylandygyny mälim edipdi.
Görlüp oturylsa, krossowerlerde gös-göni hereket wagty birden kuwwatyny ýitirmek  ýagdaýy ýüze çykyp bilýän eken. Käbir ýagdaýlarda bolsa awtoulag, arasynda aşa gyzybam bilýän batareýanyň birleşdirilişinde ýüze çykýan näsazlyk zerarly, hatda herekete-de gelip bilmän durýan eken.  Şeýle-de, gapy gulpunyň işleýşindäki näsazlyk sebäpli, 2021-2022-nji ýyllarda goýberilen Bronco wnedorožniginiň 51 103 sanysy hyzmat ediş merkezine getirilmeli.


05.06.2026 15:49
4.2k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.5k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

02.06.2026 12:41
3.3k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......