Watch Series 7 birinji çärýekde iň meşhur «akylly» sagat boldy

  • 14.06.2022 20:14
  • 10k+

Dünýäde iň köp satylýan «akylly» sagat Apple-iň iň ýörgünli modellerinden iň gymmadydyr. IDC-niň maglumatlaryna görä, Watch Series 7 birinji çärýegiň jemi boýunça dünýäde iň meşhur «akylly» sagat boldy. Onuň yzyndan ep-esli arzan bolan Watch Series SE gelýär diýip, ixbt.com belleýär.

Apple kompaniýasy «akylly» sagatlaryň bazarynda öňden bäri liderligi saklaýar. Öň kompaniýanyň iň köp satylýan modelleri iň elýeterli sagatlar bolan bolsa, indi, görşümiz ýaly, bu beýle däl. Häzirki wagtda kompaniýanyň iň elýeterli sagady hasaplanýan Watch Series 3 iň gowy «akylly» sagatlaryň bäşligine giren hem bolsa, ol diňe bäşinji orunda ýerleşdi.
Şeýle-de, bäşlige Samsung kompaniýasynyň iki modeli girdi: Galaxy Watch 4 we Watch 4 Classic.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....