«Berkarardaky» WILDCRAFT dükany ähli zatlary ýarym bahasyna hödürleýär

  • 14.06.2022 10:27
  • 36k+

1990-njy ýyllaryň ahyrynda işjeň sporta höwesjeň 3 sany hindistanly telekeçiniň başlangyjy bilen esasnaldyrylan, 2018-nji ýylda bolsa Türkmenistanda ilkinji resmi dükanyny açan «Wildcraft» (Waýldkraft) brendi türkmenistanly alyjylaryna ähli harytlaryny ýarym bahasyna hödürleýär.

Adamlaryň aktiw sporta bolan höwesini artdyrjak çydamly, berk we adam bedenine ýakymly esbaplary öndürmegi baş maksady edip goýan bu brend ýurdumyzda gysga wagtda giň meşhurlyk gazandy.
«Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşen «Wildcraft» dükany sport egin-eşikleriniň, sport aýakgaplarynyň, mekdep rýukzaklarynyň, syýahatçylyk rýukzaklarynyň, ýatymlyk torbalaryň, çadyrlaryň, ýagyşdan goraýjylaryň, çemodanlaryň, aksessuarlaryň giň toplumyny hödürleýär.
Ajaýyp hem-de adatdan daşary dizaýny, hili we önümçiligi bilen öňe saýlanýan Wildcraft Hindistanyň jemi 200-e golaý şäherinde 175-e golaý ekskluziw dükanlary, 300-den gowrak uly göwrümli dükanlaryň ýörite bölümçeleri hem-de 4000-den gowrak multi-brend dükanlardaky ýörite bölümleri, galyberse-de häzirki wagtda dünýäniň 13-den gowrak ýurtlarynda ýörite françaýzer dükanlary bar. Şereket ýene-de 40-50 eksklýuziw dükanlary açmagy meýilleşdirýär.

Wildcraft brendiniň ähli rýukzaklary we aksessuarlary önümçilik defektine garşy kepillendirilendir. Dükan satyn alan harydyňyzy ulanmadyk ýa-da zaýalamadyk ýagdaýyňyzda, ony alan günüňizden başlap 3 günüň içinde çalşyp bermek hyzmatyny hem hödürleýär.
Wildcraft brendiniň harytlaryny onlaýn sargyt etmek üçin dükanyň mobil goşundysyny AppStore we PlayMarket-den ýükläp alyp, eltip bermek hyzmatyndan hem-de gapyda töleg etmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz!

«Wildcraft» brendi barada has giňişleýin maglumaty almak üçin şu salga basyň.

Salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gaty, «Wildcraft» dükany, dükan C34a
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 61 022702
AppStore we PlayMarket-den ýükläp almak üçin salgylar.
Instagram: @wildcrafttm


11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6.1k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....