Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy

  • 13.06.2022 22:01
  • 5.3k+

Russiýaly Daniil Medwedew Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde ýene-de birinji orna geçdi, täzelenen reýting guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. 

Medwedew serbiýaly Nowak Jokowiçiň ornuny eýeledi. 26 ýaşly russiýaly türgen ilkinji gezek 28-nji fewralda dünýä sanawynyň birinji ornuny eýeläp, birinji raketka statusyny üç hepdäniň dowamynda saklady. Täzelenen reýtingiň ikinji ornuna Germaniýanyň wekili Aleksandr Zwerew geçdi. Jokowiç bolsa üçünji orna düşdi.
2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ATP-niň top-2-liginde “uly üçlügiň” (Jokowiç, Rafael Nadal, Rojer Federer) ýekeje-de wekili ýok.
Medwedew assosiasiýanyň sanawynda birinji orna geçmegi başaran üçünji russiýaly türgendir.
ATP-niň 13-nji iýundan reýtingi:

  1. (2). Daniil Medwedew (Russiýa) – 7950 utuk;
  2. (3). Aleksandr Zwerew (Germaniýa) – 7075;
  3. (1). Nowak Jokowiç (Serbiýa) – 6770;
  4. (4). Rafael Nadal (Ispaniýa) – 6525;
  5. (6). Kasper Ruud (Norwegiýa) – 5050;
  6. (5). Stefanos Sisipas (Gresiýa) – 4945;
  7. (7). Karlos Alkaras (Ispaniýa) – 4893;
  8. (8). Andreý Rublýow (Russiýa) – 4125;
  9. (9). Feliks Ože-Alýassim (Kanada) – 3895;
  10. (10). Matteo Berrettini (Italiýa) – 3570.

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....