HBS: Zidan «PSŽ» bilen Fransiýanyň ýygyndysynyň işini utgaşdyryp biler

  • 12.06.2022 19:50
  • 12k+

Fransiýaly hünärmen Zinedin Zidan “PSŽ-niň” ýolbaşçylygy bilen toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilmegi barada ylalaşyk gazandy. Bu barada “Mundo Deportivo” habar berýär diýip, championat.com belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 49 ýaşly Zidan 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan soň Fransiýanyň milli toparynda wezipä bellenen halatynda klubdaky we milli ýygyndydaky wezipelerini utgaşdyrmak mümkinçiligi bilen üç ýyllyk şertnama baglaşar. Habar berlişi ýaly, Kataryň hökümeti hem fransuz ýygyndysy üçin hemaýatkärlik teklibini taýýarlaýar.
Zidanyň wezipä bellenendigi barada iýun aýynyň ahyrynda yglan etmek meýilleşdirilýär. Hünärmen täze toparda 25 mln ýewro alyp, öň habar berlişi ýaly, dünýäniň iň ýokary hak alýan tälimçisi bolar. Zidan argentinaly Maurisio Poçettinonyň ornuny çalşar.


düýn 17:01
6.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....